Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç we energiýa toplumyndaky kemçiliklere ünsi çekdi

23:4309.10.2020
0
5076

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Meredowa we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işinde bar bolan kemçiliklere ünsi çekdi — diýip, TDH habar berýär.

Çig nebitiň çykarylýan möçberi artmaýar, onuň ýarysy eksporta gidýär. Şonuň bilen birlikde, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwaty uzak wagtdan bäri bary-ýogy 40 göterim möçberde ulanylýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak barada aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýangyç-energetika pudagyndaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de kemçilikleri düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa käýinç yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň