Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan MOKA-nyň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri geçirdi

21:4109.10.2020
0
3823

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Robin Mitçell gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Olimpiýa raýdaşlygy maksatnamasynyň çäklerinde hem-de bölünip berlen serişdeleriň we Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň ösdürilemgi boýunça Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň we Halkara Olimpiýa komitetiniň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen tagalalary üçin Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasyna we Halkara Olimpiýa komitetine minetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň