Soňky habarlar

Arhiw

Tennis boýunça tälimçileriň okuw maslahaty geçirildi

12:4909.10.2020
0
3937

Tennis boýunça türkmen tälimçileri Halkara Olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti, Halkara tennis federasiýasy (ITF) hem-de Türkmenistanyň tennis federasiýasy tarapyndan guralan okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Halkara tennis federasiýasynyň serişdelerini peýdalanmak bilen geçirilýän bu sapaklara Daşoguzdan, Marydan, Türkmenabatdan we Aşgabatdan 30 töweregi hünärmen gatnaşdy. Okuw-maslahatynyň maksady tennis boýunça milli hünärmenleriň bilimini ýokarlandyrmak, olary eminligiň täze düzgünleri bilen tanyşdyrmak hem-de ITF-niň türgenleşiklerini geçirmek bolup durýar.

Synaglary üstünlikli tabşyran tälimçiler okuw maslahat tamamlanandan soň Halkara tennis federasiýasynyň tälimçiniň derejesini tassyklaýan sertifikatyna eýe boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň