Soňky habarlar

Arhiw

Iki goňşy ýurt Dünýä Kubogyny guramaga taýýarlanýarlar

11:2109.10.2020
0
1916
Iki goňşy ýurt Dünýä Kubogyny guramaga taýýarlanýarlar

Iki goňşy ýurt – Ispaniýa bilen Portugaliýa 2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä Kubogyny bilelikde guramaga taýýarlanýarlar. Iki ýurduň degişli ýolbaşçylary, has takygy, Ispaniýanyň futbol federasiýasynyň başlygy Luis Rubiales bilen Portugaliýanyň futbol federasiýasynyň başlygy Fernando Gomeş bu barada ylalaşyk gazanyp, şol mynasybetli protokola gol hem çekdiler. Şoňa görä, eger-de çempionaty guramak hukugy alnan ýagdaýynda final duşuşygy Madriddäki Santiago Bernabeu stadionynda oýnalar. Şol mynasybetli IFF-nyň başlygy Rubiales metbugat ýygnanyny geçirdi. Ol: “Bu şertnama iki ýurduň we iki federasiýanyň bilelikdäki taslamasydyr. Futbol, sport, kynçylyk döwri başdan geçirýän şu günlerimizde birek-birege güýç bermek üçin jaýdar sebäpleriň biridir. Iki federasiýa bolup bilelikde hereket ederis” diýip, çykyş etdi. Mundan 2 gün ozal, Ispaniýa bilen Portugaliýanyň ýygyndylary özara duşuşyk hem geçirdi. Duşuşyk 0-0 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.

2030-njy ýyldaky Dünýä Kubogyny guramak üçin häzirki wagta çenli Marokko, şeýle-de Günorta Amerika ýurtlary Argentina, Urugwaý, Paragwaý we Çili bilelikde geçirmek üçin ýüz tutjakdyklaryny ozal habar beripdiler. Ýeri gelende aýtsak, Dünýä Kubogy 2022-nji ýylda Katarda, 2026-njy ýylda ABŞ, Meksika we Kanadada geçiriler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň