Berdimuhamedow koronawirus meselesi boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyny geçirmegi teklip edýär

23:0108.10.2020
0
8624

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki goňşy ýurduň Ýolbaşçylary birek-biregi mähirli salamlaşyp, dostluk, deňlik we ynam ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada şahsy söhbetdeşlikde pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Bu barada TDH ýazýar.

Şunuň bilen baglylykda, iň ýokary derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň aýdyň görkezijisi bolup, olaryň mundan beýläk-de ösmegine güýçli itergi berýändigi bellenildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostlukly we hoşniýetli gepleşikleriň netijeli häsiýetdedigini, çuňňur yhlas we aç-açanlyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Bellenip geçilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä ýetdi we ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara gurluşlar arkaly giň ugurlarda üstünlikli ösýär, bu abraýly başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldawynyň aýdyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda netijeli häsiýetiň döwletara söwda we ykdysady gatnaşyklara mahsusdygy bellendi. Düýn onlaýn ýagdaýda geçirilen "Türkmenistan-Özbegistan" Işewürler Geňeşiniň 1-nji ýygnagy munuň aýdyň mysalydyr.

Bu Geňeşiň işi, ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary güýçlendirmek, özara söwdanyň mukdaryny ýokarlandyrmak we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin döredildi. Şol bir wagtyň özünde medeni we gumanitar ugurda däp bolan hyzmatdaşlyk giňelýär we güýçlenýär.

Sebit we global meseleleriň ençemesi barada pikir alyşmak mahalynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagy barada durup geçdiler, bu bolsa häzirki wagtda bütin dünýä jemgyýetçiligi üçin çynlakaý synaga öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan pandemiýanyň döwletara söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga edýän ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen netijeli işler alyp barýarlar.

Özara peýdaly tejribe alyşmak üçin ylmy we lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýan türkmen Lideri bilelikdäki tagallalaryň bu kyn meseläni çözmekde üstünlik gazanjakdygyna ynam bildirdi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamy hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyny geçirmek meselesi hem gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ony 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Bu teklip tassyklanan halatynda Türkmenistan ýokardaky mesele boýunça degişli işlere başlamaga taýyn.  Bu sammitiň geçiriljek senesi we gün tertibi barada aýdylanda bolsa, sebitdäki ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň üsti bilen olar barada ylalaşmak teklip edilýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege saglyk we jogapkärçilikli döwlet işlerinde üstünlik, Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk  arzuw etdiler,.

Telefon söhbetdeşligi özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň