Edebiýat boýunça Nobel baýragy Luiza Glýuga berildi

17:2908.10.2020
0
1022

2020-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragy Amerikaly şahyr Luiza Glýuga berildi.

Glýuk bu baýraga "ajaýyp şahyrana sesiniň gözelligi bilen, şahsy barlygy umumylaşdyrýanlygy üçin" eýe boldy.

Luiza Glýugyň  şygyrlarynyň ilkinji ýygyndysy 1968-nji ýylda neşir edildi. 1992-nji ýylda bolsa  "Ýabany Iris"  kitaby üçin Pulitser baýragynyň eýesi boldy.

9-njy oktýabrda  Parahatçylyk baýragynyň ýeňijisi, 12-nji oktýabrda bolsa  Alfred Nobeliň hatyrasyna gowşurylýan ykdysadyýet boýunça baýragynyň ýeňijileri yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň