Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýa “Covid-19” sebäpli serhet çäklerini güýçlendirmek maksady bilen 159 ýurda çäklendirme girizdi

10:2308.10.2020
0
812

“Covid-19” sebäpli Ýaponiýa döwleti serhet çäklerini güýçlendirmek üçin täze çäreleri gördi. Bu täze çärelere laýyklykda  daşary ýurt raýatlaryna syýahat üçin giriş rugsady berilmez. 

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasy täze düzgünlere laýyklykda ýurda 159 ýurtdan we sebitden syýahatçylaryň  kabul edilmejekdigini mälim etdi. Soňky 14 günde bu sebitlerde bolan daşary ýurt raýatlarynyň ýörite şertleri ýüze çykmasa Ýaponiýa girmäge kabul edilmejekdigi barada mälim edildi.

Täze düzgünnamanyň çäginde görkezilen ýurtlardaky Ýaponiýanyň ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan kesgitlenen senä çenli berlen ýeke we köp giriş wizalary togtadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň