Soňky habarlar

Arhiw

"Belawiýa" Türkmenistana we ýene bäş döwlete gatnawlary togtatmagyň möhletini uzaltdy

10:0008.10.2020
0
18009

"Belawiýa" käbir ugurlar boýunça uçuşlaryň togtadylmagynyň möhletini uzaltdy diýip, Sputnik gullugy habar berýär.

Belarus howa ýollary Aşgabat (1-nji noýabra çenli), Budapeşt, Riga, Tallinn, Larnaka, Woronež, Kazan, Nižniý Nowgorod (24-nji oktýabr aralygynda), Gruziýanyň ähli şäherlerine (31-nji oktýabr aralygynda) uçuşlary wagtlaýyn amala aşyrmaz.

Ýolagçylar ýatyrylan uçuşlaryň petekleriniň puluny yzyna alyp ýa-da 2021-nji ýylyň 30-njy martyna çenli gidiş senesini üýtgedip bilerler. Olar bu soraglar boýunça kassalara, kompaniýanyň wekilhanalaryna we goldaw hyzmatyna ýüz tutup bilerler.

Öň Belawiýanyň 30-njy sentýabrdan Moskwa uçuşlaryny täzeden başlajakdygy mälim edilipdi. Tomusda belarus kompaniýasy Moldowa, Albaniýa, Ukraina, Türkiýä we beýleki birnäçe ýurtlara uçuşlaryny gaýtadan dikeltdi.

Belawiýanyň Minsk - Aşgabat - Minsk ugrunda hepdede bir gezek Boeing 737 uçary bilen yzygiderli uçuşy amala aşyrandygyny ýatladýarys. Türkmen paýtagtyna uçuşlar sişenbe güni, yza gaýdyş uçuşlary bolsa çarşenbe güni amala aşyrylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň