Rosawiasiýa Russiýanyň iki kompaniýasyna Türkmenistana uçuşlary amala aşyrmaga rugsat berdi

09:3408.10.2020
0
28765

Russiýanyň Federal Howa ulag gullugy iki awiakompaniýanyň Russiýadan Türkmenistana uçuşlary amala aşyrmagyna rugsat berdi. 2020-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky degişli buýruk bölümiň web sahypasynda çap edildi.

Resminama görä, «Северный ветер» (Demirgazyk ýeli) awiakompaniýasy geljekde Moskwa — Aşgabat ugry boýunça hepdede bäş gezek, «IrAero» awiakompaniýasy bolsa Sankt-Peterburgdan Aşgabat şäherine hepdede ýedi gezek uçmaga rugsat aldy.

Bu uçuşlar pandemiýa sebäpli halkara uçuşlara girizilen çäklendirmeler ýatyrylandan soňra durmuşa geçirilip bilner.

Federal howa ulag gullugy muňa uçuşlary kabul ediji awiakompaniýanyň hem rugsat bermeginiň zerurdygyny aýdýar.

Umuman alanyňda, Federal Howa ulag gullugy 170-e golaý halkara uçuş üçin rugsatnama berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň