Türkiýäniň üsti bilen Türkmenistana ýolagçy awtobuslary getiriler

22:2107.10.2020
0
43215

«PortNews» neşiriniň habar bermegine görä, umumy agramy 593 tonna bolan 25 sany ýolagçy awtobusy Türkiýeden Türkmenistana getiriler. Awtobuslar ýurdumyza «Pola Anadoly» köpmaksatly ýük gämisi bilen getirilýär.

Gämi ýola Izmirden (Türkiýe) başlap,  Wolga-Don kanalyndan (Russiýa) üstaşyr geçip, Hazar deňzine girer. Onuň soňky duralgasy Türkmenbaşy halkara deňiz porty bolar.

«Türkmenawtoulag» agentligi bilen «Hyundai» kompaniýasynyň arasynda şu ýylyň mart aýynda gol çekilen şertnama laýyklykda, ýurdumyza 400 sany ýolagçy awtobusy getiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň