Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen koronawirusa garşy sanjym boýunça hyzmatdaşlyga garaşýar

22:0907.10.2020
0
14934

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy — diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmeginde bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin Türkmenistan bilen Russiýanyň dürli edaralarynyň we hususy düzümleriniň arasyndaky islendik gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem däp bolan ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi bellenildi. Munuň özi iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhümdir.

Şol bir wagtyň özünde saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany döretmek boýunça soňky döwürde gazanýan netijelerine uly baha berilýär hem-de Russiýa bilen bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirilýär.

Sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Hazarýaka ýurtlaryň bäştaraplaýyn syýasy gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgust aýynda kenarýaka döwletleriň ýolbaşçylary nobatdaky – VI Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýylyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ulgamy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýokary derejede geçiriljek Hazar duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem bilermenleriň derejesinde ozal gol çekilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen anyk gurallary döretmegiň mümkinçiliklerine garalýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda milletiň Lideri russiýaly kärdeşini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň