Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

21:3307.10.2020
0
5565

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý dilinde neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy — diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Dabaraly çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Aşgabatda işleýän halkara guramalaryň we habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, syýasatşynaslar, diplomatlar, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaktorlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň kitaby ösen jemgyýetiň özenini düzýän ynsanperwerligi söýgi we buýsanç bilen beýan edýär. Onuň hytaý dilindäki terjimesiniň çap edilmegi ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka, türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hormatyň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işindäki uly hyzmatlarynyň ykrar edilmesi bolup durýar.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eseriniň hytaý diline terjime edilmegi bu ýurduň ägirt uly okyjylar köpçüliginiň türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti, ümmülmez ruhy dünýäsi, filosofiýasy, häsiýetleri, ähli adamzat üçin könelmeýän gymmatlyklara eýe bolan parasatly öwüt-ündewleri barada öz düşünjelerini artdyrmaklygyna ýardam edýär. Çykyş edenler munuň iki ýurduň arasynda netijeli dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýakyndan ýardam etjekdigini bellediler.

HHR-iň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Sýan Bo ýygnananlara ýüzlenip, türkmen Lideriniň täze eseriniň esasyny düzýän beýik ýörelgeleriň hytaý halkyna aýratyn ýakyndygyny we düşnüklidigini nygtady. Bu ýörelgeler hytaý halkynyň däpleri we ruhy ýörelgeleri bilen sazlaşýar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň