Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

20:4007.10.2020
0
9052

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi — diýip, daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Iki ýurduň Prezidentleriniň ylalaşyklaryny durmuşa geçirmegiň mazmunynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerine seredip geçdiler. Taraplar iki döwletiň halkara giňişligindäki özara hereketlerine aýratyn üns berdiler. 

Bu ugurda Ministrler Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Altynjy Hazar sammitine görülýän taýýarlyklar dogrusynda pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň