Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň çagalar kitaphanasyna täze kitaplar gelip gowuşdy.

20:0707.10.2020
0
4231

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gaznasy çagalar üçin birnäçe täze kitaplary aldy bu barada "Türkmen Gündogary" gazetinde habar berilýär.

Täze kitaplaryň arasynda Türkmen halk döredijiliginiň merjenlerini öz içine alýan "Akyl akabasy" kitaplar ýygyndysyndan: ertekilere, halk aýdymlaryna, ýaňyltmaçlara duş gelmek bolýar.

Ýaş kitapsöýüjiler häzirki zaman türkmen ýazyjylary A.Mämedowyň, G.Orazgulyýewiň, B.Ussaýewiň, G.Hanyýewiň eserleri bilen tanşyp bilerler.

Şeýle-de bu täze kitaplaryň arasynda nemes diline terjime edilip alty aý mundan ozal tanyşdyrylyşy bolan, Türkmenistanyň Prezidentiniň "Atda wepa-da bar, sapa-da" atly kitaby hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň