Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2020: «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky türkmen derbisinde ýeňiji ýok

19:2307.10.2020
0
3932

«Altyn asyryň» futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çägindäki türkmen derbisinde «Ahal» bilen deňme-deň oýnady.

Şu gün Aşgabat stadionynda geçirilen duşuşyk 1: 1 hasabynda tamamlandy. Ýer eýeleri Elman Tagaýewiň (42-nji minut) pökgüsine Altymyrat Annadurdyýewiň (55-nji minut) takyk urgusy bilen jogap berdiler.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» 37 utuk bilen iň ýakyn bäsdeşi — wise-çempion «Ahaldan» 2 utuk öňde barýar.

«Altyn asyr» «Ahal» 1: 1 (0: 1).

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabry. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony.

Gollar:  Altymyrat Annadurdyýew 55 — Elman Tagaýew 42.

Duýduryş:  Ahmet Ataýew 47 — Güýçmyrat Annagulyýew 16. 

Emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat).

Kömekçileri: Ahmet Begnazarow (Mary), Berdimämmet Atdyýew (Tejen).

Ätiýaçlykdaky emin: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat).

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow (Aşgabat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň