TÝL — 2020, 16-njy tapgyr: möwsümdäki üçünji Mary derbisi hem «Merwiň» ýeňşi bilen tamamlandy

19:1107.10.2020
0
3751

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çägindäki duşuşykda «Merw» «Energetikden» üstün çykdy. Mary şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:2 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, 16 utuk toplan «Merw» ýaryşyň altynjy basgançagynda bolsa, tapgyrda «Aşgabadyň» «Köpetdagdan» asgyn gelmegi bilen bäşinjilikdäki bäsdeşine ýakynlaşdy. 8 utukly «Energetik» bolsa ýaryş tertibiniň iň aşaky basgançagynda.

Toparlaryň arasyndaky birinji we ikinji aýlawdaky duşuşyklar hem «Merwiň» ýeňşi bilen tamamlanypdy. Has takygy, «Merw» mart aýyndaky derbide 1:0, maý aýynda bolsa 2:1 hasabynda üstün çykdy.

 «Merw»«Energetik» – 3:2

Gollar:  Arslan Ýusupow 56, Pirmyrat Gazakow 68, 85 — Rahmet Şermetow 26 (11 m.j.u.), 81.

Duýduryşlar: 25 Azatmuhammet Hojamuhammedow, 32 Pirmyrat Gazakow, 40 Serdar Annamämmedow, 90+3 Azat Orazmuhammedow – 10 Alikper Musaibow, 19 Maksat Atagarryýew, 36 Merdan Paltaýew.

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň