Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2020, 16-njy tapgyr: «Köpetdag» «Aşgabady» ýeňdi

18:5907.10.2020
0
4672

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyryndaky paýtagt derbisinde «Köpetdag» «Aşgabady» ýeňdi. «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, 16 duşuşykda 26 utuk toplan «Kopetdag» ýaryşyň dördünji basgançagynda. «Aşgabat» bolsa 17 utuk bilen bäşinji orunda galdy.

Ýeri gelende aýtsak, soňky ýedi paýtagt derbisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary «Aşgabatdan» utulmady. Hatda «Köpetdag» şol duşuşyklaryň bäşisinde ýeňiş gazandy.

«Aşgabat» «Köpetdag» 1: 3 (1: 0)

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabry. Aşgabat. «Nusaý» stadiony.

Gollar:  Döwran Hojamämmedow 44 — Döwletmyrat Seýitmuhammedow 66, Serdar Baýramow 79 (11 m.j.u.), Elýas Akiýew 90 + 4.

Duýduryşlar:  Kemal Annamuhammedow 16, Bäşim Gurbanberdiýew 68, Nazar Towakelow 71, Hakmuhammet Bäşimow 78 — Serdar Baýramow 29, Baýramgeldi Gulmaýew 76, Ybraýym Mämmedow 81.

Emin:  Resul Mämmedow (Aşgabat).

Kömekçileri:  Pälwan Pälwanow (Daşoguz), Eziz Ýazmyradow (Aşgabat).

Ätiýaçlykdaky emin:  Ýusup Jumamyradow (Aşgabat).

Gözegçi emin:  Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň