Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň ady «Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty» diýlip üýtgedildi. Bu barada “Mugallymlar gazeti” gazeti habar berýär.
Habarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň «Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumynyň «Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatyna Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda» kararyna üýtgetme girizmek hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, bu bilim edarasy «Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty» diýlip atlandyryldy.