Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2020, 16-njy tapgyr: ertir möwsümdäki üçünji derbiler güni

16:3306.10.2020
0
3852

Ertir — 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 16-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Derbileriň tapgyryna öwrüljek duşuşyklaryň ikisi paýtagtymyzda, galan ikisi Mary we Balkanabat şäherlerinde bolar.

«Aşgabat» — «Köpetdag». Ýaş hünärmen Döwletmyrat Annaýew «Aşgabadyň» baş tälimçisi hökmünde ýerli meýdandaky ilkinji duşuşygyny geçirer. Geçen tapgyrda «Şagadamdan» ýekeje säwlik bilen utulan paýtagtyň adybir topary häzir «Köpetdagy» «kösäp biljek» güýje eýe. Başga bir tarapdan «Köpetdagyň» hem üçünji orun urgundaky göreşden aňsat-aňsat çekilmejekdigini aýtmak gerek. Üstesine-de, «Köpetdag» şu möwsümdäki ilkinji duşuşykda «Aşgabady» ýeňdi. Bu duşuşyk, belki, tapgyryň esasy oýny däldir, ýöne iň gyzykly we dartgynly oýunlarynyň biri bolup biler.

Häzir ýaryş tertibinde «Köpetdag» bilen «Aşgabat» goňşy. Ýöne dördünj orundaky «Köpetdagda» 23, bäşinjilikdäki «Aşgabatda» 17 utuk bar. Ýeňiş «Köpetdaga» eýeleýän ornuny we üçünji orun üçin bäsdeşligi gorap saklamaga, belki, «Nebitçi» — «Şagadam» duşuşygynyň netijesine baglylykda, üçünji orna geçmäge mümkinçilik berer. «Aşgabadyň» ýeňmegi toparyň «Köpetdag» bilen aralygy ýygyrmagyna sebäp bolar. «Aşgabat» bu tapgyrda ýeňläýende hem bäşinji orunda galar. Çünki altynjy we ýedinji orunlardaky «Merw» bilen «Nebitçide» 13 utuk bar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bu duşuşyk barada berýän maglumatary:

«Aşgabat» «Köpetdag»

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.).

 

«Merw» — «Energetik». Mary derbisi, gürrüňsiz, Ýokary liganyň iň gyzykly derbileriniň biri. «Energetigiň» bäş ýyllyk taryhynda iki gezek çempionatyň bürünç medalyny eýeländigine garamazdan, welaýatda «Merwiň» janköýerleri heniz hem kän. Ýöne bu ýyl toparlaryň ikisine-de birmeňzeşräk ykbal nesip etdi. Olar baýrakly orunlar ugrundaky göreşden-ä ep-esli uzakda. Mundan soňky maksat diňe duran ýerinden biraz gozganmak we Kubok ýaryşyndan tama etmek bolsa gerek.

Üçünji aýlawa toparlaryň ikisi hem utulyş bilen başlady. «Enegetigiň-ä» indi juda bir ýitirýän zady ýogam welin, «Merwe» altynjy orundaky ýerini hem gidiräýmek howpy abanýar. Tersine, topar has netijeli çykyş ediberse, «Aşgabadyň» bäşinjiliginden hem juda bir uzakda däl. Umuman, häzir «Merwde» 13, «Energetikde» bolsa 8 utuk bar. Toparlaryň şu möwsümdäki özara duşuşyklarynda ýeňiş iki gezek hem «Merwiň» tarapynda boldy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bu duşuşyk barada berýän maglumatary:

 «Merw» — «Energetik»

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.).

 

«Nebitçi» — «Şagadam». Başga wagt bir welaýatyň abraýy üçin göreşýän iki topar bu gezek biri-biriniň garşydaşy. Belki, ýaryşyň ýedinji basgançagyndadyr, ýöne «Nebitçi» şu möwsümde bürünç medal üçin göreşýän garşydaşyndan juda bir ýaýdananok. Ikinji aýlawdaky tehniki ýeňlişi hasaba almasaň, iki toparyň arasynda şu ýyl geçirilen ilkinji duşuşyk «Nebitçiniň» ýeňşi bilen tamamlanypdy. Özi hem hut Balkanabatda. Ertir şol ssenariýa gaýtalanyp bilermi?

Üçünji aýlawa «Şagadam» ýeňiş, «Nebitçi» utulyş bilen girişdi. Bu gezekki utulyş toparlaryň ikisine-de eýeleýän ornuny gidirmek howpuny salýar. Gazanyljak ýeňiş «Altyn asyr» — «Ahal» oýnunyň netijesine görä, «Şagadamy» öňdebaryjylar bilen azda-kände ýakynlaşdyryp biler. «Nebitçi» bolsa ýeňiş gazanyp, hem «Merwden» öňe saýlanmaga ýa bäsdeşligi dowam etdirmäge, üstesine-de, «Aşgabat» bilen arany ýygyrmaga mümkinçilik alar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bu duşuşyk barada berýän maglumatary:

  “Nebitçi” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:30

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.).

«Altyn asyr» — «Ahal». Diňe bir şu tapgyryň ýa aýlawyň däl, tutuş möwsümiň iň esasy duşuşyklarynyň biri. Üçünji aýlawa girişilen hem bolsa türkmen futbolynyň häzirki iň güýçli iki topary möwsümde dördünji gezek duşuşarlar. Yzda galan duşuşyklaryň üçüsinde-de «Altyn asyryň» üstünligi bar. Naýbaşy kubok ugrundaky soňky duşuşygyň gidişinden çen tutup, «Ahalyň» bu gezek has güýçli garşylyk görkezjekdigini aýdyp bileris. Eger Aşgabatda ýaşaýan bolsaňyz, bu duşuşyga hökman tomaşa etmegi maslahat berýäris. Belki, siz şu möwsümdäki iň gyzykly duşuşyga şaýat bolup bilersiňiz.

Iň esasy aýdylmaly zat, bu duşuşygyň netijesi çempionlyk ýaryşyna täsirini ýetirip biler. «Altyn asyryň» ýeňşi ony esasy bäsdeşinden 5 utuk öňe saýlar, «Ahalyň» ýeňşi öňdebaryjylaryň ornuny çalşyrar. Deňlik? Deňlik hemme zadyň öňki-öňküligine galýandygyny görkezer. Diňe, «Nebitçini» ýeňip bilse, «Şagadam» bu iki topara azda-kände ýakynlaşyp biler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bu duşuşyk barada berýän maglumatary: 

“Altyn Asyr” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:30

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň