“Apple” şereketi önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berýär

13:2505.10.2020
0
773

         “Apple” şereketi bäsdeşleriniň köpüsi ýaly, önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berýär. Diňe şu iş üçin kompaniýa tarapyndan işlenip düzülen ýörite robotlar bar. “Apple” bu mesele boýunça beýleki kompaniýalar bilen hem işleşýär. Ine, şolaryň bii bolan “GEEP Canada” şereketiniň gaýtadan işlenmeklik üçin “Apple” kompaniýasyndan satyn alan köp sanly “iPhone”, “iPad” we “Apple Watch” enjamlaryny gaýtadan işlemändigi ýüze çykdy. 

Kompaniýanyň bu enjamlary sökmeli bolanda gaýtadan satandygy we şonuň üçin “Apple”-iň häzirki wagtda “Quantum Lifecycle Partners” kompaniýasynyň garamagynda bolan şereketi kazyýete tabşyrýandygy habar berildi.

Maglumatlara görä, “Apple”-iň gaýtadan işlemek üçin iberen 500 müň enjamynyň 103 müňüsi hakykatdanam uly görünýär. Firmanyň bu ýerde köp mukdarda pul gazanandygy öňe sürülýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň