Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň iň soňky zenan hanynyň nesli ondan galan äýnegi muzeýe tabşyrmakçy

12:1005.10.2020
0
44182

Marynyň han maşgalasynyň gönüden-göni nesli, häzirki wagtda Maryda ýaşaýan bir ildeşimiz «Türkmenportalyň» habarçysyna enesi Güljemal hanyň äýnegini muzeýe sowgat etmek niýetiniň bardygyny aýtdy.

«Rowaýata görä, bu äýnekleri meniň han eneme ruslar sowgat edipdir we ol nesilden-nesile miras bolup geçipdir» diýip, ol aýnegiň taryhy barada gürrüň berýär.

Güljemal han (1836 — 1925) paýhaslylygy, gaýduwsyzlygy we ýokary abraýy bilen Türkmenistanyň taryhyna giren zenan hökümdarlaryň we söweşijileriň biridir. 1880-nji ýylda adamsy Ahal hany Nurberdi aradan çykandan soň, ol tekeleriň agzyny bir etmekde uly orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň