Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi

21:1404.10.2020
0
4853

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijiniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler.Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, demir ýolunyň, elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda köpugurly ulag hem-de energetika taslamalarynyň üstünlikli ilerledilýändigi bellenilip geçildi. Taraplar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir bu iri göwrümli taslamalara gatnyşyjy-ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine uly goşant goşýandygyny nygtadylar.

Goňşy döwletiň wekili Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ilerledilmegi işinde Türkmenistanyň milli Liderimiziň baştutanlygyndaky wajyp ornuny belledi.Meseleleri diňe diplomatik gurallar arkaly we halkara hukugyň kadalarynyň çäklerinde çözmäge çagyrýan ýurduň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň käbir meseleleri barada pikir alyşdylar hem-de ählumumy wehimlere garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmaga tagallalaryny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň