Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmensitanyň halk artisti, ajaýyp dutarçy we gyjakçy, kompozitor hem-de halypa Pürli Saryýewiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Konsertiň başynda konserwatoriýanyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejebow giriş sözi bilen çykyş etdi hem-de Pürli Saryýewiň ýerine ýetirijilik aýratynlykary barada gürrüň berdi.
Pürli Saryýew 1900-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Bäherdeniň Bamy obasynda (Ahal welaýaty) meşhur Sary bagşynyň maşgalasynda dünýä inýär. Pürli çagalykdan kakasyndan dutar, Sary bagşynyň sazandasy Hanmämmet Allanurowdan bolsa gyjak çalmagy öwrenýär. Ol 12 ýaşynda gyjakda uly toýlarda kakasyna sazandarlyk edýär. Pürli meşhur Kel bagşydan hem alty ýyllap tälim alýar, ol şägirdine käriň inçe syrlaryny öwredýär...
Konsertde belli dutar we gujak sazlary ýaňlandy. Bagşyçylyk sungaty – türkmen medeniýetiniň gymmatly bölegidir, ruhlulyygyň we folklroyň özboluşly sazlaşygydyr, halk ýörelgelerini we tejribesini özünde jemleýän, sazandalaryň her nesliniň kämilleşdirýän mirasydyr, ussat bagşylardyr ýaş sazandalryň çykyşlary muňa şaýatlyk etdi.
Konserti Türkmenistanyň at gazanan artisti, TMK-nyň uly mugallymy Omar Igamowyň ýolbaşçylgyndaky halk saz gurallary orkestri açdy. Türkmenistanyň halk artistleri, uly mugallymlar Muhammetdurdy Muhammetnyýazowyň, Akmyrat Çaryýewiň, ýurdumyzyň at gazanan bagşysy, uly mugallym Kerwen Ýowbasarowyň, mugallym Kerwen Aýdogdyýewiň ýerine ýetiren aýdym-sazlary diňleýjileri dutaryň nepis we şirin owazynyň älemine atardy.
Pürli Saryýewiň «Lälezar bolar» aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti, uly mugallym Şemşat Hojaýewa ýerine ýetirdi. Konsertde sazanda-kompozitoryň beýleki özboluşly eserlerini konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary ýerine ýetirdiler. Inisi, ýurdumyzyň at gazanan artisti Oraz Saryýewiň agasy Pürli Saryýewe bagyşlan «Ýatlama» sazyny Türkmenistanyň artisti halk Akmyrat Çaryýew ýerine ýetirdi. Konsert Türkmenistanyň sungatda at gazan işgäri Osman Güjümowyň çalmagynda «Balsaýat» sazy bilen jemlendi.