Soňky habarlar

Arhiw

Portugaliýada Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

23:5203.10.2020
0
5842

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Jumaýewiň Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souza özüniň ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Dabaranyň barşynda Portugaliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.   

Şeýle hem Marselu Rebelu de Souza iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde portugal tarapynyň uly isleginiň bardygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň