Soňky habarlar

Arhiw

Şwesiýanyň H&M kompaniýasy pandemiýa sebäpli dünýädäki 250 dükanyny ýapar

10:2803.10.2020
0
1284

Şwesiýanyň ägirt kompaniýasy bolan H&M pandemiýa sebäpli dünýädäki 250 dükanyny ýapar. Munuň  esasy sebäbi bolsa bu şereketiň satuwynyň örän pes bolmagy bilen baglanyşyklydyr.  Indiden beýläk kompaniýa  sanly tehnologiýalara maýa goýmaklyk bilen, diňe onlaýn satuwyny ösdürjekdigini aýtdy.

Kompaniýaň dükanlarynyň 2021-nji ýylda ýapylmagy meýilleşdirilýär. Pandemiýanyň ilkinji tolkunundan soň, satuwlaryň kem-kemden dikeldilip başlandygyna garamazdan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkezijiler  5 göterim peseldi.

Umuman alanyňda, H&M-iň dünýäde takmynan 5 müň dükany bar. Olardan 166-sy koronawirus sebäpli henizem ýapyk. Hut şu nukdaýnazardan-da, kompaniýa  has köp onlaýn satuwy guramak üçin sanly tehnologiýa maýa goýumlaryny artdyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

“Meseleler entek bar bolsa-da, iň erbetleriniň gutarandygyna ynanýarys. Krizisden çykmak we güýçlenmek üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar"- diýip H&M kompaniýasynyň baş direktory Helena Helmersson aýtdy.

Onlaýn satuw tehnologiýasyna takmynan 3 milliard dollar maýa goýan Ispaniýanyň “Inditex” kompaniýasynyň eýeçiligindäki “Zara”, “Pull & Bear” we “Massimo Dutti” söwda nyşanly dükanlary hem dünýäde müňden gowrak dükanyny ýapar.

Boston “Consulting Group”-yň hasabatyna görä, COVID-19 pandemiýasy sebäpli halkara moda bazaryndaky satuw 25 göterim peseler. Bu bolsa 340 milliard ýewro çenli ýitgileriň döremegine sebäp bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň