“Tesla” kompaniýasy 2021-nji ýylda hindi bazaryna çykar

09:3003.10.2020
0
1305

Elon Mask “Tesla” kompaniýasynyň 2021-nji ýylda hindi bazaryna girjekdigini aýtdy.

Elektrik ulaglaryny öndürýän “Tesla” şereketiniň düýbüni tutujy we baş direktory Elon Mask twitterdäki soraglara jogap berip, “Tesla” şereketiniň 1,353 milliard ilaty bilen hindi bazaryna haçan girjekdigi baradaky soraga “Geljek ýyl hökman” diýip jogap berdi.

Geçen aýda hindi metbugatynda berlen habarlarda “Tesla” kompaniýasynyň Bangluru şäherinde gözleg we innowasiýa merkezini açmak üçin ýerli häkimiýetler bilen deslapky duşuşyklary geçirendigi aýdylýar.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň