Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow tebigy gazdan seresap we tygşytly peýdalanmagy tabşyrdy

22:5402.10.2020
0
4438
Berdimuhamedow tebigy gazdan seresap we tygşytly peýdalanmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 2-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejisinde döwlet Baştutanyna içerki sarp edijileri güýz-gyş paslynda tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ilatly ýerleri “mawy ýangyç” bilen doly üpjün edilýär. Ugurdaş we hususan-da, ýerlerde ýyladyş enjamlarynyň tehniki ýagdaýyna hem-de ondan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik amala aşyrylýar. Gazy tygşytly ulanmak we howpsuzlygyň degişli çärelerini yzygiderli berjaý etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündiriş işleri geçirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy desgalaryny, kärhanalary, hassahanalary, mekdepleri we çagalar baglaryny gaz bilen durnukly üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini aýawly hem-de maksadalaýyk peýdalanmagyň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ileri tutulýan wezipeleriň pudagyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we öňdebaryjy energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işe ornaşdyrmagyň hasabyna energiýa netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň