Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: «Türkmen dokmaçylary täze taslamalaryň tutuş bilen ulgamyny işläp taýýarlamaly»

22:4802.10.2020
0
9088

Wise-premýer Ç.Gylyjow 2-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna beren hasabatynyň dowamynda Diýarymyzyň dokma kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa önümleriniň ýerli sarp edijiler tarapyndan bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda-da ýokary islegden peýdalanylýandygyny aýtdy. Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan milli nyşanlarymyzy döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, “Bedew” nyşanly jins önümleri, “Bürgüt” nyşanly sport egin-eşikleri, “Gala” nyşanly tikin-örme önümleri, “Ýeňiş” nyşanly erkek köýnekleri giň meşhurlyga eýe boldy.

Şunuň bilen bir hatarda, “Goza” hem-de “Wada” nyşanly harytlaryň önümçiliklerini we satylyşyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň mahabat edilmegine, görnüşleriniň giňeldilmegine we eksport edilmegine ýardam berýär.

Wise-premýer sarp edijileriň artýan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, çagalara hem-de uly ýaşly adamlara niýetlenen güýz möwsümi üçin egin-eşikleriň täze nusgalarynyň işlenilip taýýarlanandygyny habar berip, milletiň Liderine olaryň nusgalaryny görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dokma önümlerini daşary ýurtlarda has-da işjeň öňe ilerletmek üçin degişli maglumat-habar beriş goldawynyň hem möhümdigini belledi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň