Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edildi

22:0602.10.2020
0
12992

Şu gün – 2-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlsinde döwlet Baştutany «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler we şu bäsleşigiň ýe­ňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň «Ýaň­lan, Diýarym!» telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň