Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2020: 15-nji tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri belli boldy

10:0502.10.2020
0
4114

Şu gün — 2-nji oktýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda üçünji aýlawa badalga berler. Täze aýlawyň ilkinji, umumy möwsümiň bolsa 15-nji tapgyryndaky duşuşyklaryň üçüsi Aşgabat, biri Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda adybir topar ýaryşyň ahyrky basgançagyndaky bäsdeşini — «Energetigi» kabul eder. Öýlän sagat 18-de başlanjak duşuşygyň baş emini türkmenabatly hünärmen R.Ereşow bolar. Oňa paýtagtly eminler M.Nurberdiýew bilen N.Garajaýew ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini E.Ýazmyradow, gözegçi emini bolsa G.Öwezow (ikisi hem Aşgabatdan) bolar.

Deňiz ýakasyndaky şäherde ýerli «Şagadam» «Aşgabady» kabul eder. Paýtagtly Begenç Allaberdiýewiň baş emin boljak duşuşygynyň öýlän sagat 17-de başlanmagyna garaşylýar. Maryly A.Begnazarow bilen tejenli B.Atdyýew bu duşuşykda baş eminiň kömekçileri bolar. Ätiýaçda bolsa balkanabat şäherinden S.Gurbanow durar. Duşuşyga gözegçilik etmek paýtagtly emin H.Rejebowa ynanyldy.

Tapgyr 3-nji oktýabrda «Ahal» — «Nebitçi» hem-de «Altyn asyr» — «Merw» duşuşyklary bilen dowam eder.

«Ahal» Balkanabat şäheriniň toparyny «Aşgabat» stadionynda kabul eder. Bu duşuşyk öýlän sagat 16-da başlanar. Duşuşygyň baş emini halkara derejeli emin Çarymyrat Gurbanow bolar. Oňa daşoguzly P.Pälwanow bilen paýtagtly A.Jumaýew ýardam berer. TFF aşgabatly M.Nurberdiýewi bu duşuşygyň ätiýaçdaky emini, başga bir aşgabatly hünärmen E.Ramazanowy bolsa gözegçi emin hökmünde berkitdi.

Tapgyryň jemleýji duşuşygy paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçiriler. Onda ýakynda ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna mynasyp bolan «Altyn asyr» «Merwi» kabul eder. Öýlän sagat 16:30-da başlanjak duşuşygyň baş emini paýtagtly Akmyrat Gurbanow bolar. Oňa balkanabatly eminler Ş.Hydyrow bilen E.Annamyradow ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky eminligi paýtagtly M.Allaberidiýewe, gözegçi eminligi bolsa daşoguzly R.Pälwanowa ynanyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň