«Merw» futbol topary toparlaýyn surata düşülişik geçirdi

16:5401.10.2020
0
8800

Şu hepdäniň dowamyndaky agşamky türgenleşikleriň birinden soňra «Merw» futbol toparynyň tälimçileri we futbolçylary Mary şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda ýadygärlik surata düşdüler.

Bu surata düşülişige esasy düzümiň tälimçilerdir futbolçylaryndan başga-da, ýaşlar we ýetginjekler düzümleriniň wekilleri, toparyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy.

Surata düşülişikden soňra esasy düzüm Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynda «Altyn asyr» bilen boljak duşuşyga taýýarlygyny dowam etdirdi. Bu duşuşyk 3-nji oktýabrda bolar.

Toparyň has köp suraty bilen habarymyzyň rus dilindäki bölüminde tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň