Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekiler

16:3101.10.2020
0
581
Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekiler

UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparçalarynyň bije çekiliş dabarasy şu gün geçiriler. Dabara Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlap, birnäçe teleýaýlym arkaly futbol janköýerleriniň dykgatyna ýetiriler. 32 klub 8 toparça paýlanar. Şol 32 klubuň 4-si – “Istanbul Başakşehir”, “Renn”, “Krasnodar” hem-de “Midtýullann” toparlary ilkinji gezek bu ýaryşda çykyş eder. 32 klub 14 ýurda wekilçilik edip, Angliýadyr Ispaniýadan, Italiýadan hem-de Germaniýadan 4 klub ýaryşa gatnaşar.

Şeýle-de dabaranyň dowamynda UEFA-da ýylyň tapawutlanan futbolçylary hem sylaglanar.

 

1-nji torba

Bawariýa

Sewilýa

Real Madrid

Liwerpul

Ýuwentus

PSŽ

Zenit

Porto

 

2-nji torba

Barselona

Atletiko Madrid

Mançester Siti

Mançester Ýunaýted

Şahtýor Donesk

Borussiýa Dortmund

Çelsi

Aýaks

 

3-nji torba

Dinamo Kiýew

Red Bull Salsburg

RB Leipsig

Inter

Olimpiakos

Lasio

Krasnodar

Atalanta

 

4-nji torba

Lokomotiw Moskwa

Marsel

Klub Brýugge

Borussiýa M

Istanbul Başakşehir

Midtýullann

Renn

Ferençwaroş

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň