Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty 2021-nji ýylda geçiriler

14:5001.10.2020
0
12827

Gazagystanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň habaryna görä, Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) ýaryşlaryň senenamasyna düzedişleri girizdi . Şeýlelik bilen, esasy üýtgeşmeler ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky yklymlaýyn çempionatlar bilen bagly boldy.

Şol bir wagtyň özünde Daşkende geçiriljek Aziýa çempionaty barada käbir maglumatlar peýda boldy. Federasiýa yklym çempionatyny 2021-nji ýylyň martynda geçirmegi meýilleşdirýär. Ýaryşyň takyk senesi soň yglan ediler. Ol erkekleriň arasyndaky 49-njy, zenanlaryň arasyndaky 30-njy Aziýa çempionaty bolar.

Bu çempionatyň Gazagystandan Özbegistana geçirilendigini we pandemiýa sebäpli yza süýşürilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň