Soňky habarlar

Arhiw

“Krasnodar” hem-de “Midtýullann” ilkinji gezek Çempionlar ligasynda çykyş eder

12:2201.10.2020
0
4879

UEFA Çempionlar ligasynda toparçalarda çykyş etjek soňky 3 klub hem belli boldy. Toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazanan soňky 3 klubuň 2-si taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşarlar. Olar Russiýanyň “Krasnodar” hem-de Daniýanyň “Midtýullann” toparlarydyr. Öz meýdançasynda 2-1 ýeňiş gazanan “Krasnodar” topary grekleriň PAOK klubuny şol hasap bilen Russiýada-da ýeňip, taryhynda ilkinji gezek läheňleriň ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. “Slawiýa Praga” bilen myhmançylykda golsuz deňme-deň oýnan Daniýanyň “Midtýullann” kluby hem Çempionlar ligasynyň debýutanty boldy. Topar öz meýdançasynda çeh klubunyň soňky minutlarda geçiren gollary esasynda 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Myhmançylykda “Makkabi Tel-Awiwi” 2–1 ýeňen “Red Bull Salsburg” öz meýdançasynda-da 3-1 üstün çykyp, bassyr 2-nji, umumylykda 3-nji gezek Çempionlar ligasynyň final tapgyryna ýollanma aldy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň