Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Baş konsuly Kazandaky bag ekilşik çäresine gatnaşdy

09:5501.10.2020
0
7805

Şäheriň resmi portalynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Russiýadaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow Kazanda geçirilen nahal oturdylşyk çäresine gatnaşdy.

Syýahatçylyk pudagynyň 30-dan gowrak wekili we daşary ýurtlaryň diplomatlary «Syýahatçylyk seýilgähi» diýlip atlandyrylýan täze seýilgähiň döredilmegine işjeňlik bilen gatnaşdylar. Bu ýerde dürli nahallaryň 30 hatary oturdyldy.

Baş konsul bu adaty bolmadyk çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Tatarstanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

— Türkmenistan Russiýa Federasiýasy ýaly ýaşyl ekologiýa uly ähmiýet berýär. Bu gün bolsa öz eýerýän pikirlerimizi durmuşa geçirip bildik — diýip, Atadurdy Baýramow aýtdy.

Nahal oturdylandan soň, täze Syýahatçylyk seýilgähinde ýadygärlik nyşany goýuldy. Onda şeýle sözler bar: «Adam köküni bilip, durmuşda goldaw tapýar, syýahat edip, durmuşyň özenini tapýar».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň