Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara ýaşulular güni bilen gutlady

04:3001.10.2020
0
10523

Hormatly ýaşulular!
Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanan dabaralaryň pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşulularymyzyň hem-de tutuş halkymyzyň bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy hökmünde şöhraty dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza buýsanjyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň döwlet syýasatynda öňe sürýän baş maksadymyz Garaşsyz Watanymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakdan hem-de eziz halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», toplumlaýyn özgertmeleriň çäklerinde, Aşgabat şäherinde hem-de güneşli Diýarymyzyň sebitlerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary öndürijilikli kuwwatly täze önümçilik desgalaryny, iri senagat toplumlaryny, ulag-logistika düzümlerini döredýäris. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklaryny we täze toplumlaryny tehnologiýa babatda döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek üçin sanly ulgamy ösdürýäris. Mähriban halkym!

«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, biz raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli berkidýäris hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrýarys. Döwrebap şäherleridir şäherçeleri we obalary, häzirki zaman bilim edaralaryny, sport toplumlaryny, ylmyň we tehnologiýanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly ylmy-kliniki merkezleri, hassahanalary, şypahanalary, halkara ähmiýetli demir ýollary, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, howa menzillerini gurmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýäris.

Bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek arkaly, işjeň daşary syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylygyň, dostlugyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Biz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça derwaýys wezipeleri ara alyp maslahatlaşyp, möhüm çözgütleri kabul etdik. Alnyp barylýan bu işler hem-de gazanylýan üstünlikler agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Abadan we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna täze üstünlikleri gazanmaga hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Hormatly ýaşulular!

Ýaşuly adamlara hormat goýmak biziň ata-baba gelýän milli däbimizdir. Şeýle ajaýyp däp-dessurlarymyza biz hemişe uly ähmiýet berýäris. Ösen döwleti gurmak ugrunda alyp barýan syýasatymyzda, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmelerimizde, aýratyn hem, nesil terbiýesinde merdana pederlerimiziň akyl-parasatlylygyň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemleýän «Garry — öýüň sütüni», «Ýigit — söweşde, garry — geňeşde» ýaly pähimlerini, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýän asylly däp-dessurlaryny nusga edinýäris. Bitarap Watanymyzyň çalt depginler bilen ösmegine we beýik geljegine gönükdirilen giň gerimli tutumly işlerimize hemişe dili senaly ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris.

Baý durmuş tejribeli ýaşulularymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünlikleriniň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek hakyndaky ündewleri, hoşniýetlilik, watansöýüjilik we ynsanperwerlik hakyndaky öwüt-nesihatlary agzybirligimizidir jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

Gymmatly maslahatlarydyr goldawlary üçin ýaşuly nesle çäksiz buýsanýarys. Merdana halkymyzyň durmuşynyň ähli zamanlarynda bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem olaryň sarpasyny örän belent tutýarys.

Hormatly ýaşulular!
Eziz watandaşlar!

Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hem-de milli senenamamyzda mynasyp orny eýeleýän Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, agzybirligiň hem-de jebisligiň ýurdy bolan Garaşsyz we Bitarap Watanymyzda bagtyýar we abadan durmuşyň hözirini görüp, uzak ömür sürmegiňizi arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň