Soňky habarlar

Arhiw

Iň köp gymmaty artan mediýa şereketi

19:2530.09.2020
0
1925

Metbugat sahypalarynda “Facebook”, “Snapchat” ýa-da “Twitter” ýaly jemgyýetçilik torlary barada has köp habar bar hem bolsa, şu ýylyň iň köp gymmaty artan mediýa şereketi “Pinterest” boldy. Kompaniýanyň paýnamalary ýylyň ilkinji dokuz aýynda 125 göterim gymmatlapdyr. Bu görkeziji “Facebook”-da 25%, “Twitter”-de 40% we “Snap”-de 60% bolupdyr. “Pinterest”-iň bu ösüşinde “Apple” kompaniýasynyň hem täsiriniň bardygy mälim edildi. “iPhone”-yň  telefonlarynda ulanylýan soňky aragatnaşyk ulgamyndaky interfeýs arkaly ulanyjylar pikir almak üçin “Pinterest”-e girdiler. Bu bolsa, ulanyjylaryň sanyny üç esse artdyrypdyr. Şeýlelikde, “Pinterest” has köp mahabat alyp başlady. Häzirki wagtda “Pinterest”-iň ABŞ-da 96 million we beýleki ýurtlarda 320 million işjeň ulanyjysy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň