Eýranda şu gün türkmen akyldary Jelaleddin Rumynyň ýatlama güni bellenildi

18:1530.09.2020
0
537
Eýranda şu gün türkmen akyldary Jelaleddin Rumynyň ýatlama güni bellenildi

Şu gün Eýranda her ýylyň 30-njy sentýabrynda baýram edilmegi däbe öwrülen türkmen hem pars edebiýatynyň görnükli wekili Möwlana Jelaleddin Rumynyň ýatlama güni uly dabaralara beslenip bellenip geçilrndigini Eýran yslam Respublikasynyň IRNA habarlar gullugy habar berýär.

Türkmen akyldary Jelaleddin Rumynyň doglan güni bolan 30-njy sentýabr Eýran senenamasynda her ýyl bellenilýär. Bu şanly sene goňşy ýurtda bu beýik şahsyýetiň diňe bir türkmen edebiýatynyň däl-de, eýsem pars we tutuş Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili hökmünde görülýändigi üçin dabaralandyrylýar. 

Beýik türkmen akyldary Möwlana Jelaleddin Rumy 1207-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-na Balh topragynda dünýä inipdir we 1273-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-sine bolsa aradan çykypdyr. Milli edebiýaty öwreniş ylmynda şu wagta çenli Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili hökmünde tanalan Möwlana Jelaleddin Rumynyň aslynda türkmen milletinden dörän beýik şahsyýetdigini ylmy jemgyýetçilige belli edebiýatçy Annagurban Aşyrow aýan etdi.

Bu barada onuň  “Türkmeniň akyldar şahyry Möwlana Jelaleddin Rumy” atly ylmy makalasynda beýan edilýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň