Soňky habarlar

Arhiw

“LA Leýkersmi” ýa-da “Maýami Hit”

18:1330.09.2020
0
813

NBA-da galagoply geçýän möwsümiň final duşuşygyna ertir badalga berler. “Maýami Hit” bilen “Los Anjeles Leýkersiň” arasyndaky final oýunlarynyň ilkinjisi ertir, has takygy, Aşgabat wagty bilen ir säher 06:00-da başlar. 74-nji gezek geçiriljek NBA final duşuşyklarynda “Maýami Hit” bilen “Los Anjeles Leýkers” ilkinji gezek gabatlaşarlar. “Maýami” Hit 6-njy, “LA Leýkers” bolsa, 32-nji gezek finalda çykyş eder. 2006-njy hem-de 2012-nji we 2013-nji ýyllarda çempion bolan “Maýami” 4-nji soňky gezek 2010-njy ýylda ýeňiş gazanan “LA Leýkers” 17-nji sapar çempionlyga dalaş edýär. Eger-de “LA Leýkers” çempion bolsa, onda ol bu ugurda NBA-nyň iň köp çempionlyk gazanan topary “Boston Seltiksiň” rekordyna şärik bolar. NBA-da ilkinji gezek mundan öňki möwsümde pleý-off tapgyryna-da çykyp bilmedik 2 topar finalda duşuşar.

Adaty möwsümde 2 gezek gabatlaşan toparlaryň şol duşuşyklarynda “LA Leýkers” ýeňiş gazanypdy. Final duşuşygynyň faworiti hökmünde “LA Leýkers” görülýär. 10-njy gezek finalda çykyş etjek LeBron Jeýms bu ugurda Bill Rassel, Sem Jons hem-de Karim Abduljabbardan soň, 4-nji basketbolçydyr. Ol soňky 10 ýylda 9-njy finalyny oýnar.  

 Ilkinji 4 duşuşykda ýeňiş gazanan Larry O’Brien Kubogyny asmana göterer. 2-nji duşuşyk 3-nji oktýabrda (06:00), 3-nji duşuşyk 5-nji oktýabrda (04:30), 4-nji duşuşyk bolsa 7-nji oktýabrda (06:00) oýnalar. Gerek bolan ýagdaýynda 5–6–7-nji oýunlar degişlilikde 10-njy, 12-nji hem-de 14-nji oktýabrda geçiriler. Duşuşyklaryň ählisi-de Floridadaky “The Arenada” oýnalar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň