Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Birinji liga: Lebap zolagynda ikinji aýlawa badalga berilýär

17:1130.09.2020
0
841

Şu hepdäniň ýekşenbe güni geçiriljek duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap zolagynyň ýaryşlarynyň ikinji aýlawyna badalga berler. Çempion bolan topara ýurt derejesindäki jemleýji ýaryşa gatnaşmaga hukuk berýän zolaklaýyn birinjilige sekiz topar gatnaşýar.

Ýedi tapgyrdan ybarat bolan birinji aýlaw «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň «Derýaçy» futbol toparynyň öňdebaryjylygy bilen tamamlandy. Geçiren ýedi duşuşygynyň diňe ýekejesinde deňme-deň oýnap, galan alty duşuşykda ýeňiş gazanan topar 19 utuk toplady.

Ikinji orundaky «Demirýolçy» öňdebaryjydan 5 utuk yzda. Her biri 13 utuk toplan «Garagum» bilen «Çärjew» bolsa üçünji orny paýlaşýarlar.

Täze aýlawyň ilkinji, umumy birinjiligiň bolsa 8-nji tapgyry gyzykly duşuşyklara baý bolar. Tapgyrda ýaryşyň öňdebaryjysy «Derýaçy» üçünji orundaky «Çärjew» futbol toparyny kabul eder. Duşuşykda gazanyljak ýeňiş bu toparlaryň birinjisi üçin eýeleýän ornuny gorap saklamakda ähmiýetli bolsa, ikinjisiniň has ýokarky orunlara galmagyna mümkinçilik berip biler.

«Çärjew» bilen üçünji orun ugrunda göreşýän «Garagum» öňümizdäki tapgyrda ýaryşyň altynjy basgançagynda barýan «Amyderýany» kabul eder. Çempionlyk ýaryşynyň esasy dalaşgärleriniň biri bolan «Demirýolçy» bolsa tapgyrda «Miras» bilen duşuşar.

8-nji tapgyrdaky «Farap» — «Köpetdag» duşuşygy 7-nji oktýabra süýşürildi.

Birinji liganyň welaýat zolagy 15-16-njy noýabrda geçiriljek 14-nji tapgyryň duşuşyklary bilen tamamlanar. Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, ýaryşyň ýeňijisi ähli zolaklaryň ýeňijileriniň arasyndaky jemleýji ýaryşa gatnaşar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň