Bu gezek şägirt halypadan ozduryp bilmedi

13:1830.09.2020
1
549
Bu gezek şägirt halypadan ozduryp bilmedi

Angliýanyň Liga Kubogynyň 1/8 finalynda London derbisi oýnaldy. Frank Lampardyň tälimçiligindäki “Çelsi” öz meýdançasynda Žoze Mourinionyň tälimçilik edýän “Tottenham” toparyny kabul etdi. Çekelişikli geçen oýunda myhmanlar ýeňiş gazandy. Esasy wagty 1–1 deňlikde gutaran oýunda ýeňijini penalti urgulary kesgitledi. 19-njy minutda Timo Werneriň goly bilen öňe saýlanan “Çelsi” 83-nji minutda Erik Lamelanyň goluny saklap bilmedi. Oýundan soňky penaltilerde 5-4 öňe saýlanan “Tottenham” çärýek finala çykmagy başardy. Şeýlelikde, bu gezek şägirde (Frank Lampard) halypasyndan (Žoze Mourinio) ozdurmak başartmady. Liga Kubogynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde şu gün ýene-de 5 duşuşyk oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Agageldii ( 30/09/2020 )

!!!

1