Soňky habarlar

Arhiw

25 ýyldan soň, Çempionlar ligasynda çykyş eder

11:4730.09.2020
0
808

UEFA Çempionlar ligasynda pleý-off tapgyrynda 3 duşuşyk geçirildi. “Genti” 3–0 hasabynda ýeňen “Dinamo Kiýew” toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazandy. Kiýewlileriň gollaryny Buýalskýi (9), De Pena (36 p) hem-de Rodriges (49 p) derwezä girizdi. 1-nji oýunda-da 2–1 ýeňiş gazanan “Dinamo Kiýew” 4 möwsümden soň, 17-nji gezek Çempionlar ligasynyň toparçalrynda çykyş eder. 0–0 tamamlanan oýunlardan soň, “Ferençwaroş” bilen “Olimpiakos” hem toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazanan klublar boldy. 3–3 gutaran 1-nji oýundan soň, “Molde” bilen öz meýdançasynda 0–0 oýnan wenger topary 25 ýyldan soň, ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň toparçalarynda çykyş eder. Sergeý Rebrowyň tälim berýän topary “Ferençwaroş” iň uzak wagtdan soň, 2-nji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşýan topar hökmünde hasaba alyndy. Öz meýdançasynda “Omoniýany” 2–0 ýeňen “Olimpiakos” jogap oýnunda 0-0 oýnap, 20-nji gezek final tapgyryna gatnaşar. Şu gün ýene-de 3 duşuşyk oýnalar we toparçalarda çykyş etjek ähli klublar belli bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň