Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan otly gatnawlarynyň çäklendirmesini uzaltdy

09:4430.09.2020
0
47256

«Türkmendemirýollary» agentligi ýurduň çägindäki otly gatnawlarynyň çäklendirmesiniň 2020-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli uzaldylýandygyny habar berýär.

«Otly gatnawlarynyň 1-nji noýabra çenli duruzulýandygyny habar berýäris» diýip, bu barada agentligiň resmi saýtynda hem aýdylýar.

Bu çäklendirme Türkmenistanda 16-njy iýuldan bäri dowam edip gelýär.

Ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, ýurtda halkara uçar gatnawlarynyň, şäherara awtobuslarynyň, jemgyýetçilik iýmiti merkezleriniň işiniň wagtlaýyn ýatyrylandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň