Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda täze ýaşaýyş toplumy emele gelýär

09:1730.09.2020
0
9265

Daşoguz şäherinniň «Gülistan» ýaşaýyş jaýlar toplumynda şu günler köp öýli jaýlaryň dördüsiniň gurluşgy alnyp barylýar. Olary «Türkmendemirbetonönümleri» ÖB-niň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň gurluşyk kärhanasy bina edýär, ol ýerli şahsy kärhanalaryň ikisini kömekçi potratçy hökmünde işe çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Täze binalar Daşoguzdan Görogly etrabyna barýan ýoluň ugrunda ýerleşýär. Gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň hersinde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 16-sy bolar. Häzir olaryň ikisinde birinji gatyň kerpiç diwarlary galdyrylýar, beýleki ikisi – heniz gurluşygyň başlangyç tapgyrynda.

Täze jaýlar kemala gelýän «Gülistan» ýaşaýyş jaýlar toplumynyň durmuş ähmiýetli binalarynyň üstüni ýetirer. Toplumlaýyn özgertmeler strategiýasynyň çäklerinde şäheriň ozalky çet künjeginiň durkunyň täzelenýändigini bellemek gerek. Mysal üçin, soňky ýyllarda şu ýere uzynlygy sekiz kilometrden gowrak elektrik geçirijisi çekildi, döwrebap mekdep we çagalar bagy guruldy. Ýakyn ýyllarda dürli ähmiýetli binalaryň birnäçesini ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň