Stenli Kubogynyň eýesi belli boldy

17:5729.09.2020
0
771

Amerikanyň Milli Hokkeý Ligasy NHL-de Stenli Kubogynyň eýesi, ýagny möwsümiň çempiony belli boldy. “Dallas Starz” bilen “Tampa Beý Laýtning” toparynyň arasyndaky 6-njy duşuşykda myhmançylykda topary 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Floridalylara ýeňiş getiren gollary Point bilen Koulman derwezä girizdi. Şeýlelikde, umumy hasapda 4:2 öňe saýlanan “Tampa Beý Laýtning” topary çempion bolmagy başardy. Bu olaryň taryhyndaky 2-nji çempionlygy bolup, olar 2004-nji ýylda-da Stenli Kubogyny asmana göteripdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň