Soňky habarlar

Arhiw

“Mançester Sitiniň” rekord transferi

17:4829.09.2020
0
1076

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 3-nji tapgyrda “Lester Sitiden” öz meýdançasynda 3–1 utulan “Mançester Siti” rekord baha goragçy transfer etdi. “Mançester Siti” topary portugal kluby “Benfikanyň” 23 ýaşly goragçysy Ruben Diasy 68 million ýewro (64 million funt sterling) töläp, öz hataryna goşdy. Şeýlelikde, Ruben Dias klubuň taryhyndaky iň gymmat transfer hökmünde hasaba alyndy. Oýunçynyň başarnygyna bagly bolmak bilen 68 million ýewronyň üstüne ýene-de 3,6 million ýewro hem goşulyp biler. “Mançester Sitiniň” ozalky iň gymmat transferi Rodri bolup, iňlis topary ony “Atletikodan” transfer etmek üçin 62,8 million ýewro töläpdi. Şeýle-de, “Mançester Siti” argentinaly oýunçysy Nikolas Otamendini hem klubdan ugratdy. 32 ýaşly oýunçy 15 million ýewro baha “Benfika” transfer boldy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň