Arhiw

GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew Russiýa we Belarus sebitleriniň VII forumyna gatnaşdy

17:2629.09.2020
0
765

2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew Russiýa we Belarus sebitleriniň 7-nji forumynyň umumy mejlisine gatnaşdy. Forum Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň we Belarusyň Milli döwlet Geňeşiniň howandarlygynda geçirildi. “Belarusyň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky durmuş-ykdysady we ruhy gatnaşyklary ösdürmegiň esasy hökmünde Beýik yeňişiň taryhy mirasy” atly umumy mejlis sebitler forumynyň esasy wakasy boldy. 

Foruma gatnaşyjylara Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin we Belarus Respublikasynyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko gutlag hatyny iberipdi. 

Halkara maslahatynyň dowamynda iki ýurduň kärhanalarynyň arasynda birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşyldy.

28-nji we 29-njy sentýabrda Belarus we Russiýa sebitleriniň VII forumy Minskde we Moskwada wideokonferensiýa arkaly geçirildi.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň