“i4”bazasynda döredilen ilkinji BMW

12:1429.09.2020
0
387
“i4”bazasynda döredilen ilkinji BMW

Germaniýanyň BMW kompaniýasynyň Motorsport bölümi “i4” modeliniň bazasynda ilkinji elektroulagyny taýýar etdi. Täze ulagyň adaty i4-den has sportiw boljakdygy we tehniki aýratynlyklary babatda ösendigi mälim edildi. Nemes brendiniň Motorsport bölümine ýolbaşçylyk edýän Markus Flaş täze sport ulagynyň “BMW M3” we “BMW M4” modelleri ýaly kuwwatly bolmajakdygyny habar berdi. Flaş häzirki batareýa tehnologiýasynyň mundan kuwwatly ulagy öndürmäge mümkinçilik bermeýändigini aýdýar. Ol has kuwwatly ulaglary öndürmek üçin wagta zerurlyk duýulýandygyna ünsi çekýär.

199 km/sagat tizlik bilen hereket edýän ulag bir gezekki zarýady bilen 600 km ýol geçer. Ulagyň 2022-nji ýyldan başlap müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň