Ýewropanyň miras günleri onlaýn maslahatlaryň çäginde dowam edýär

09:2329.09.2020
0
570

Şu ýylyň 24-nji sentýabrdan bäri Ýewropanyň miras günleri geçirilýär. Bu halkara çäresi 4-nji oktýabra çenli dowam eder. 

Her ýyl sentýabr-oktýabr aýlarynda Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki taslamasy bolan Ýewropa Miras günleriniň çäginde birnäçe çäreler geçirilýär. Ýewropa miras günleri yklymyň ýaşaýjylarynyň gatnaşýan iň uly medeni çäresidir. Bu medeni çäräniň esasy maksady ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni medeni mirasyň gymmatlyklaryna çekmekden, taryhy-medeni ýadygärlikleriň goralmagyna ýardam bermekden we ýewropa döwletleriniň milli medeni mirasyny wagyz etmekden ybaratdyr. Pandemiýa bilen gabat gelýän bu ýylky Ýewropa miras günleri örän möhüm we derwaýys meselä – "Miras we bilim" mowzugyna bagyşlanýar. 
Miras günleriniň şu ýylky çäreleri ýewropa ýurtlarynyň arasynda onlaýn usulda gurnalýan  wideomaslahatlaryň esasynda geçirilýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň