Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň harby gullukçylary täzelenen harby lybasa eýe boldular

15:1828.09.2020
0
21081

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň esgerleri we serkerdeleri täze harby lybasyna eýe boldular diýip, "Milli Goşun" žurnalynda habar berilýär.

Bu harby lybas ilkinji gezek düýn Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişde görkezildi. Täze harby eşik aýratyn milli öwüşginleri özüne siňdiripdir.

“Harby gullukçylaryň täzelenen lybasy iň gowy dünýä tejribesi we milli däp-dessurlar esasynda taýýarlanyldy. Ol söweşjeň wezipeleriň ýerine ýetirilmegini aňsatlaşdyrmak üçin berk hem-de daşarky täsirlere çydamly edilip döredildi"-diýlip, žurnalda ýazylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň